Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Dawut hem-de goşun baştutanlary Asafyň, Heýmanyň hem-de Ýedutunyň ogullaryny hyzmat işi üçin bölüp aýyrdylar. Olar lira, arfa hem kimwal çalyp pygamberlik etmelidiler. Hyzmat işini ýerine ýetirenler şulardyr: Asafyň ogullaryndan: Zakur, Ýusup, Netanýa, Asarela. Bular patyşanyň emrine görä pygamberlik eden Asafyň ogullarydy we onuň garamagyndadylar. Ýedutunyň ogullaryndan: Gedalýa, Seri, Işaýa, Şimeý, Haşabýa, Matytýa – jemi alty. Olar Rebbe lira bilen öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyryp pygamberlik edýän kakalary Ýedutunyň garamagyndadylar. Heýmanyň ogullary: Bukyýa, Matanýa, Uzyýel, Şebuwal, Ýerimot, Hananýa, Hanany, Eliýata, Gidalty, Romamty Gezer, Ýoşbekaşa, Malloty, Hotyr, Mahazyýot. Şularyň hemmesi patyşanyň görgüri Heýmanyň ogullarydyr. Bu ogullar Hemana ony beýik etmek üçin, Hudaýyň beren wadasy bilen berlipdi. Hudaý oňa on dört ogul bilen üç gyz berdi. Bularyň bary kakalarynyň garamagynda Rebbiň ybadathanasynda kimwal, arfa hem lira çalyp, aýdym aýdýardylar. Asaf, Ýedutun we Heýman patyşanyň buýrugy astyndadylar. Ine, kowumbaşylaryna görä derwezebanlaryň bölümleri şulardyr. Olar hem öz doganlary ýaly Rebbiň öýünde hyzmat etmäge borçludylar. Olar öz kowumlaryna görä uly-kiçä deňlik edip, derwezeleri üçin bije atdylar. Gündogar tarapdaky derweze Şelemýanyň bijesine düşdi. Onuň ogly parasatly geňeşçi Zakarýa üçin hem bije atyldy; onuň bijesine demirgazyk tarapdaky derweze düşdi. Obededomyň bijesine günorta tarapdaky derweze, onuň ogullaryna bolsa ammar jaýy düşdi. Şupym bilen Hosa ikisine günbatar tarapdaky, ýokary galýan ýoldaky Şalleket derwezesi düşdi. Garawulçylyk nobatma-nobat bellenendi. Gündogar tarapdaky derwezede her gün alty lewi, demirgazyk hem günorta tarapdaky derwezeleriň hersinde her gün dört lewi durýardy, ammar jaýynda bolsa iki-ikiden durýardylar. Günbatar tarapdaky howluda – ýolda dört adam, howly üçinem iki adam bellenendi. Şular Kora hem-de Merary kowumlaryndan bolan derwezeban bölümleridi.
Выбор основного перевода