Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer. Onuň daýylary muny Şekemiň ilatyna ýetirip, olary ynandyrdylar, olaryň göwünleri Abymelege tarap öwrüldi. «Ol biziň doganymyz ahyryn» diýdiler. Patyşa bütin halka tabşyryk berip: «Bu äht kitabynda ýazylyşy ýaly Hudaýyňyz Rebbe bagyşlap, Pesah baýramyny belläň» diýdi. Ysraýyly dolandyran serdarlaryň döwürlerinden bäri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň bütin ömründe bu Pesah baýramy ýaly baýram hiç haçan bellenilmändi. Emma Ýoşyýa patyşanyň şalygynyň on sekizinji ýylynda bu baýram Iýerusalimde Rebbe bagyşlap bellenildi. Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe Pesah baýramyny bellemek üçin Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne gelsinler diýip, bütin ysraýyl, ýahuda halklaryna habar ýollap, efraýymlara we günbatardaky manaşalara hem hatlar ýazdy.
Выбор основного перевода