Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men Seniň sadyk söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum. Musa bolsa Hudaýa: «Faraonyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn?» diýdi. Şawul oňa: «Men Ysraýylyň iň kiçi tiresi bolan benýamin tiresinden ahyryn, meniň maşgalamam tirämizde göze görünýän maşgala däl-ä. Näme üçin sen maňa beýle zatlary aýdýaň?» diýip jogap berdi. Dawut Şawula: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kim, meniň maşgalam we Ysraýyldaky ata-babamyň nesli kim?» diýdi.
Выбор основного перевода