Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Rebbiň kakam Dawuda: „Seniň ýeriňe tagtyňda oturtjak ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýip aýdyşy ýaly, men Hudaýym Rebbe ybadat üçin öý guraýyn diýýärin. Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň; ýöne şeýle-de bolsa öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýdi. Ol Maňa öý gurar. Ol Maňa ogul bolar, Men oňa Ata bolaryn. Men Ysraýylyň üstünden onuň şalyk tagtyny müdimilik berkarar ederin“. Diýdiň: «Saýlanym bilen Men äht baglaşdym. Öz gulum Dawuda Men kasam etdim: Öz sadyk söýgimi onuň üçin baky saklaryn, onuň bilen eden ähtime sadyk galaryn. Bir gezek Öz mukaddesligimden ant içdim, Dawuda ýalan sözlemerin Men. „Onuň nesli dowam eder ebedi, Meniň gaşymda onuň tagty – Gün ýaly. Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.
Выбор основного перевода