29
Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Hökmürowan Reb, muny Özüň söz berdiň. Seniň pataň bilen, goý, guluňyň nesli baky pataly bolsun!»
„Goý, Reb sizi ýalkap, Öz penasynda saklasyn!
Reb güler ýüzi bilen baksyn, size merhemet etsin!
Reb size nazaryny salyp, salamatlyk bersin!
Men nowbaharlygy oňa bererin, ony dünýä şalarynyň iň beýigi ederin.
Öz sadyk söýgimi onuň üçin baky saklaryn, onuň bilen eden ähtime sadyk galaryn.