Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen halkyňy getirip, Öz dagyňda oturdarsyň. Ýa Reb, bu ýeri Öz öýüň üçin saýlarsyň. Ýa Reb, mukaddes öýi Özüň bina edersiň. Eger olar meniň ähli tabşyryklarymy we gulum Musanyň olara tabşyran kanunyny berjaý etseler, Men mundan beýläk ysraýyl halkyny atalaryna beren ýurdumdan daşary çykartmaryn» diýen öýüdi. Elim elmydama ony söýgetlär, golum hem ony kuwwatlandyrar. Ony agdaryp, daşlardan arassalady, saýlama üzümler ekdi. Ortasynda gözegçilik diňini dikdi, üzüm sykmak üçin çukur gazdy. Üzüm hasylyna garaşdy, emma ol ýabany üzüm berdi. Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi. Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa.
Выбор основного перевода