Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawudyň hemişe işi rowaçdy, çünki Reb onuň bilendi. Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, sebäbi Hökmürowan Hudaý Reb onuň bilendi. Gadamlarymyň astyndaky ýoly giňeldýäň, meniň aýaklarym taýmaýar. Duşmanlarymy kowalap, yzlaryndan ýetýärin, olary gyryp tükedýänçäm, dolanmaýaryn. Men olary derbi-dagyn edýärin, galyp bilmeýär, aýaklarymyň astyna olar ýykylýar. Uruş üçin Sen bilime kuwwat berýärsiň, garşyma çykanlary maňa tabyn edýärsiň. Boýun egdirýärsiň duşmanlarymy, gyrýaryn men özümi ýigrenýänleri. Perýat etseler-de, olary halas edýän ýok; Rebbi çagyrsalar-da, Ol jogap berenok. Ol batly gygyryp diýer: „Sen – meniň Atam Hudaýym, gutulyş Gaýam!“
Выбор основного перевода