Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar. „Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz beýikligiňi we gudratyňy guluňa ýaňy görkezip başladyň. Ýerde we gökde haýsy hudaý Seniňki ýaly işleri we gudratlary amala aşyryp biler! Biziň Hudaýymyzyň beýleki ähli hudaýlardan beýik bolşy ýaly, meniň gurjak öýüm hem beýik bolar. Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili. Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur. Çünki Sen beýiksiň, ajaýyp işleri edýän hem Sensiň, diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý. Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp, biziň seždämize diňe Ol laýyk. Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir. Men bilýärin Rebbiň beýikdigini, Taňrymyzyň ähli taňrylardan üstündigini. Men Rebdirin, başgasy ýokdur, Menden başga Hudaý ýokdur. Meni tanamasaň-da, saňa Men güýç bererin. Gündogardan günbatara deňeç Menden başganyň ýokdugyny bilsinler diýip, Men güýç bererin saňa. Saňa meňzeş ýokdur, ýa Reb. Sen beýiksiň, gudratda adyň beýikdir. Hatda ýerde ýa gökde «hudaý» diýlip atlandyrylýanlar bar bolaýsa-da (aslynda «hudaýlar» hem «hökümdar» saýylýanlar köpdür), biziň üçin ýeke-täk Hudaý bardyr, Ol biziň Atamyzdyr, ähli zadyň gözbaşy-da Oldur. Biz Onuň üçin ýaşaýandyrys. Biziň üçin ýeke-täk Hökümdar bar, Ol Rebbimiz Isa Mesihdir, hemme zat Ol arkaly ýaradylandyr. Biz Ol arkaly ýaşaýandyrys.
Выбор основного перевода