Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onuň elini goýaryn deňziň üstünde, Onuň goluny – derýalaryň üstünde. Ol batly gygyryp diýer: „Sen – meniň Atam Hudaýym, gutulyş Gaýam!“ Men baky berkarar ederin onuň neslini, gökleriň günleri deý – onuň tagtyny. Eger ogullary Meniň parzlarymdan ýüz öwürseler, adalatly hökümlerime görä ýöremeseler, Meniň parzlarymy saklamasalar, tabşyryklarymy berjaý etmeseler, taýak bilen jezalandyraryn etmişlerini, gamçy bilen – olaryň günälerini. Eýsem Hudaý perişdeleriň haýsy birine: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» ýa-da «Men Oňa Ata, Ol bolsa Maňa Ogul bolar» diýipdir?
Выбор основного перевода