Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Meniň üçin öýi ol gurar. Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin. Men oňa Ata, ol bolsa Maňa ogul bolar. Günä gazanaýsa welin, ony atanyň ogluny taýak bilen jezalandyryşy ýaly, Men hem ony jezalandyraryn. Ine, senden bir ogul dünýä iner; ol asudalykda ýaşar. Men oňa töweregindäki ähli duşmanlaryndan dynçlyk bererin. Onuň ady Süleýman bolar, Men onuň döwründe Ysraýyla parahatçylyk hem asudalyk bererin. Ol Maňa öý gurar. Ol Maňa ogul bolar, Men oňa Ata bolaryn. Men Ysraýylyň üstünden onuň şalyk tagtyny müdimilik berkarar ederin“. Ýa Taňry, halklar arasynda Saňa şükür ederin. Milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn. Emma akbaşdyr ýandak bitýän ýer dereksizdir, ol näletlenendir we howp astyndadyr. Ahyrsoňy ony oda ýakarlar.
Выбор основного перевода