Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Eý, Ýahuda, eliň duşmanlaryňyň ýakasynda bolar, doganlaryň seni öwerler, ataňyň ogullary saňa boýun egerler. Eý, oglum Ýahuda, sen aw awlap, awuny iýip, dolanyp gelen şir balasy kiminsiň, sen şir dek, ene şir dek çökýäň-de ýatýaň. Şiri ýerinden gozgamaga milt edýän ýokdur. Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar. Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini ret etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym». Şamuwel: «Men nädip gideýin? Eger Şawul eşidäýse, ol meni öldürer» diýdi. Reb oňa şeýle diýdi: «Ýanyňa bir göle al-da, „Men Rebbe gurbanlyk bermäge geldim“ diý. Ýyşaýy gurbanlyga çagyr. Meniň üçin onuň haýsy oglunyň başyna ýag guýmalydygyňy soň Özüm saňa görkezerin». Şamuwel Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi; ol Beýtullahama geldi. Galanyň ýaşululary sandyraşyp, onuň ýanyna geldiler-de: «Eýgilikmi?» diýdiler. Şamuwel: «Eýgilik. Rebbe gurbanlyk bermek üçin geldim. Iniňizi tämizläň-de, meniň bilen gurbanlyga baryň» diýdi. Soňra ol Ýyşaý bilen onuň ogullaryny tämizläp, mukaddes etdi we olary gurbanlyga çagyrdy. Olar gelenlerinde, Şamuwel Eliýaby gördi we ol «Rebbiň seçip-saýlanynyň Onuň huzuryna gelendigine şek ýok» diýip pikir etdi. Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi. Soňra Ýyşaý Abynadaby çagyryp, ony Şamuweliň alnyndan geçirdi. Şamuwel: «Reb muny-da saýlamady» diýdi. Soňra Ýyşaý Şamuweliň öňünden Şammany geçirdi. Ol: «Reb muny-da saýlamady» diýdi. Ýyşaý ýedi oglunyň ýedisini-de şeýdip, Şamuweliň öňünden geçirdi. Şamuwel Ýyşaýa: «Reb bularyň hiç birini-de saýlamady» diýdi. Soňra ol Ýyşaýdan: «Ogullaryň hemmesi şularmy?» diýip sorady. Ýyşaý: «Ýene körpesi-de bar, ol goýun bakyp ýör» diýip jogap berdi. Şamuwel Ýyşaýa: «Ony getirt, çünki ol bu ýere özi gelýänçä, biz dyz epmeris» diýdi. Ýyşaý ony getirtdi. Ol gyzylmeňizdi, görmegeýdi, gözleri owadandy. Reb: «Bu şol, tur, onuň başyna ýag guýup saýla» diýdi. Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi. Ýahuda doganlarynyň arasynda güýçlüsi bolup, baştutan ondan gelip çykan bolsa-da, nowbahar ogullyk haky Ýusubyňkydy. Indi bolsa, Sen, ýa Reb, Öz guluň hem onuň nesli hakda aýdan sözüňi ebedi sakla-da, diýşiň ýaly et! Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Reb, Seniň pataň bilen guluňyň nesli baky pataly boldy we patalydyr!» saýlap aldy Ýahuda tiresini – Özüniň söýen Sion dagyny. Öz bendesi Dawudy saýlap, ony goýun agylyndan Ol aldy. Ony saýlap-seçen milleti Ysraýyla – Öz halky bolan Ýakup nesline çopançylyk etmeklik üçin, guzuly goýunlaryň yzyndan Ol alyp galdy.
Выбор основного перевода