Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Her kim özünde bar bolan gök, badam, gyrmyzy ýüplügini, nepis zygyr matasyny, geçi ýüňüni, goçuň eýlenen derisini we saýlama deri getirdi. Her kim kümüşden ýa-da bürünçden edilen zadyny Rebbe sadaka getirdi. Şeýle hem, her kim her bir işde ulanyp boljak akasiýa agajyny getirdi. Ähli ukyply çeper elli aýallar gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan öz elleri bilen ören zatlaryny getirdiler. Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler. Ýolbaşçylar efodyň we gursakçanyň gaşlaryny öýjüklerine oturtmak üçin hakyk we başga-da gymmatbaha gaşlar getirdiler. Olar ýakymly ysly tütetgi üçin, çyra we mesh ýagy üçin hoşboý ysly ösümlikleri we zeýtun ýagyny getirdiler. Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler. Soňra Musa ysraýyllara şeýle diýdi: «Ine, Reb ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýlady. Ol ony Öz Ruhy bilen dolduryp, oňa dürli senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi. Ol ökde nakgaş bolup, altyna, kümşe we bürünje dürli nagyşlar saldy. Daşlary oýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ukyp berdi. Şeýle hem Reb Besalele we dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaba başga adamlara öwretmek ylhamyny hem berdi. Reb olara dürli senetçilik işlerinde ukyp berdi: ussaçylyk ýa-da nakgaşçylyk, ýa-da gök, badam, gyrmyzy ýüplük bilen we nepis zygyr sapak bilen keşde çekmeklik, ýa-da dokmaçylyk berildi. Olaryň hemmesi ökde ussalar we nakgaşlardyr». Mukaddes öýüň gurluşynyň her bir işini nähili ýerine ýetirmelisini biler ýaly, Reb Besalele, Oholyýaba we başga-da her bir ökde ussalara ukyp hem akyl-paýhas berdi. Olar ähli işi Rebbiň buýrugy boýunça ýerine ýetirmelidiler Soňra Musa Besaleli, Oholyýaby we başga-da Rebbiň ukyp beren ähli ökde ussalaryny ýygnady. Reb bu işi ýerine ýetirmegi olaryň ýüreklerine saldy. ruhanylar hem-de lewiler toparlarynyň, Rebbiň öýünde berjaý edilmeli hyzmat işleriniň, Rebbiň öýünde ulanyljak esbaplaryň,
Выбор основного перевода