10
Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togu öz ogly Hadoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togu bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Hadoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi.