Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn. Dözümli hem mert bol! Meniň olaryň ata-babalaryna ant içip, söz beren ýerimi eýelemekde sen şu halka ýolbaşçy bolmalysyň. Diňe dözümli hem mert bol! Gulum Musanyň özüňe tabşyran tutuş kanunyny dykgat bilen ýerine ýetir. Nirä gitseň-de üstünlik gazanar ýaly, olardan hiç ýana sowulma. Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!» Eger Rebbiň Musanyň üsti bilen Ysraýyla tabşyran parzlarydyr hökümlerini berjaý etseň, işiň rowaç bolar. Dözümli hem mert bol; gorkma, ruhdan düşme.
Выбор основного перевода