Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Şol günlerde patyşa Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Hudaýyň sandygy bolsa bir çadyrda dur» diýdi. Dawut öz köşgünde ornaşandan soň, Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Rebbiň Äht sandygy bolsa çadyrda dur» diýdi. Natan Dawuda: «Islän zadyňy ediber, sebäbi Hudaý seniň bilendir» diýdi. Dawut Süleýmana şeýle diýdi: «Oglum, meniň Hudaýym Rebbe öý gurmak niýetim bardy. Emma maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: „Sen köp gan dökdüň hem-de ýowuz uruşlar alyp bardyň. Maňa öýi sen gurmaly dälsiň, sebäbi sen Meniň huzurymda ýer ýüzünde köp gan dökdüň. Ine, senden bir ogul dünýä iner; ol asudalykda ýaşar. Men oňa töweregindäki ähli duşmanlaryndan dynçlyk bererin. Onuň ady Süleýman bolar, Men onuň döwründe Ysraýyla parahatçylyk hem asudalyk bererin. Ol Maňa öý gurar. Ol Maňa ogul bolar, Men oňa Ata bolaryn. Men Ysraýylyň üstünden onuň şalyk tagtyny müdimilik berkarar ederin“. Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň aýagyna ýykylyp, siz sežde ediň: mukaddesdir Ol! Ýörüň, Onuň mesgenine gideliň, Onuň aýagyna ýykylyp, sežde edeliň. Wah, Taňry gazap atyna atlanyp-ha, Sion gyzyny gara buluda gaplady-la! Ol Ysraýylyň gözelligini gökden ýere taşlady. Ol gahary gelen güni Öz aýagynyň kürsüsini terk etdi. Hudaýyň nazarynda merhemet tapan Dawut Ýakubyň Hudaýy üçin öý gurmaga rugsat sorady.
Выбор основного перевода