Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Rebbiň Ysraýyl babatdaky sözi boýunça, Dawudyň batyr ýigitleriniň baştutanlary we tutuş ysraýyl halky onuň höküm sürmegini berk goldadylar. Dawudyň batyr ýigitleri şulardy: Hakmonynyň ogly Ýaşobgam. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde üç ýüz adamy öldürdi. Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. Piliştliler Pasdammymda söweşmek üçin toplanyşanlarynda, ol hem şol ýerde Dawudyň ýanyndady. Ol ýerde arpa ekilen bir bölek ýer bardy. Halk piliştlilerden gaçdy, ýöne Elgazar bilen Dawut meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri goradylar we piliştlileri gyrdylar. Reb olary uly ýeňiş bilen halas etdi. Otuz serdaryň üçüsi Dawudyň ýanyna, gaýadaky Adullam gowagyna gitdi. Piliştlileriň goşuny bolsa Rapa jülgesinde düşläpdi. Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady. Dawut arman edip: «Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw getirip beren bolsady, şondan bir içsemdim» diýdi. Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdiler. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi. Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Hudaýym! Ýüregine daş baglap giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi. Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamy öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. Ol üç batyr ýigitden iki esse artyk hormatlandy. Abyşaý ýigitleriň biri bolmadyk-da bolsa, olara baştutan boldy. Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi; şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi. Ol boýy bäş tirsek bolan müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde dokma agajy ýaly naýzasy bardy. Benaýa onuň üstüne taýakly topulyp, elindäki naýzasyny alyp, öz naýzasy bilen onuň özüni öldürdi. Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. Ol otuz serdaryň arasynda iň meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy. Goşunlaryň batyr ýigitleri şulardy: Ýowabyň dogany Asahel, beýtullahamly Dodonyň ogly Elhanan, harotly Şammot, pelonly Heles, tekowaly Ikeşiň ogly Yra, anatotly Abygezer, huşaly Sibekaý, Ahowanyň nesli Ylaý, netopaly Maharaý, netopaly Bagananyň ogly Helet, benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý, pirgatonly Benaýa, Gagaş jülgelerinden Huraý, arbaly Abyýel, bahurymly Azmawet, şagalbynly Elýahba, gizonly Haşem, hararly Şageniň ogly Ýonatan, hararly Sakaryň ogly Ahyýam, Uruň ogly Elipal, mekeraly Heper, pelonly Ahyýa, karmelli Hesro, Ezbaýyň ogly Nagaraý, Natanyň dogany Ýowel, Hagrynyň ogly Mibhar, ammon halkyndan Selek, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýaragçy nökeri beýerotly Nahraý, ýytra urugyndan Yra we Garep, het halkyndan Uryýa, Ahlaýyň ogly Zabat, rubenleriň baştutany, rubenlerden bolan Şizanyň ogly Adyna we onuň otuz ýigidi, Magakanyň ogly Hanan, mitanly Ýoşapat, aştarotly Uzyýa, arogerli Hotamyň ogullary Şama we Ýegiýel, Şimriniň ogly Ýedigaýel, onuň dogany tisli Ýoha, mahawaly Eliýel, Elnagamyň ogullary Ýeribaý bilen Ýoşawýa, mowaply Ýytma, Eliýel, Obet, mesobaly Ýagsyýel. Dawut Ysraýylyň ähli ýolbaşçylaryny, ruhanylary hem-de lewileri ýanyna çagyrdy. Ysraýyllaryň, olaryň kowumbaşylarynyň, müňbaşylarydyr ýüzbaşylarynyň hem-de beýleki emeldarlarynyň sanawy aşakdaky ýalydyr. Olar aýba-aý gelip, bölümleriň ähli işlerinde patyşa gulluk edýärdiler. Her bölümde ýigrimi dört müň adam bardy. Birinji aý üçin birinji bölüme Zabdyýeliň ogly Ýaşobgam ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň bölüminde ýigrimi dört müň adam bardy. Ol Peresiň neslindendir; ol birinji aý üçin ähli goşunbaşylaryň başlygydy. Ikinji aý üçin bellenen bölüme ahowa urugyndan bolan Dodaý ýolbaşçylyk edýärdi. Bölümiň baş serkerdesi Miklotdy; bölümde ýigrimi dört müň adam bardy. Üçünji aý üçin bellenen bölüme üçünji bir goşunbaşy – ruhany Ýehoýadanyň ogly Benaýa ýolbaşçylyk edýärdi; bölümde ýigrimi dört müň adam bardy. «Otuz ýigidiň» edermen esgeri hem-de baştutany Benaýadyr. Onuň ogly Emizabat onuň bölüminiň baş serkerdesidi. Dördünji aý üçin bellenen bölüme Ýowabyň dogany Asahel ýolbaşçylyk edýärdi. Ondan soň ogly Zebadýa boldy; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. Bäşinji aý üçin bellenen bölümiň goşunbaşysy Ýyzranyň nesli Şamhutdy; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. Altynjy aý üçin bellenen bölüme tekowaly Ikeşiň ogly Yra ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. Ýedinji aý üçin bellenen bölüme efraýymlardan pelonly Heles ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. Sekizinji aý üçin bellenen bölüme Zeranyň nesli huşaly Sibekaý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. Dokuzynjy aý üçin bellenen bölüme benýaminlerden anatotly Abygezer ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. Onunjy aý üçin bellenen bölüme Zeranyň nesli netopaly Mahraý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. On birinji aý üçin bellenen bölüme Efraýymyň neslinden pirgatonly Benaýa ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. On ikinji aý üçin bellenen bölüme Otniýeliň neslinden netopaly Heldaý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. Ysraýyl tirebaşylary şulardyr: Zikriniň ogly Eligezer – rubenleriň baştutany; Magakanyň ogly Şepatýa – şimgonlaryň baştutany; Kemuwalyň ogly Haşabýa – lewileriň baştutany; Sadok – Harun nesliniň baştutany; Dawudyň garyndaşlaryndan Elihu – ýahudalaryň baştutany; Mikaýylyň ogly Omry – ysakarlaryň baştutany; Abadýanyň ogly Ýyşmagýa – zebulunlaryň baştutany; Azryýeliň ogly Ýerimot – naftalylaryň baştutany; Azazýanyň ogly Hoşeýa – efraýymlaryň baştutany; Pedaýanyň ogly Ýowel günbatardaky manaşa tiresiniň baştutany; Zakarýanyň ogly Ydo – Gilgatda oturýan manaşa tiresiniň baştutany; Abneriň ogly Ýagsyýel – benýaminleriň baştutany; Ýerohamyň ogly Azarel – danlaryň baştutany. Şular Ysraýyl tireleriniň baştutanlarydy. Ýigrimi hem-de ondan kiçi ýaşlylary Dawut hasaba almandy, sebäbi Reb Ysraýyly gökdäki ýyldyzlaryň sany kimin köpeltmegi wada edipdi. Seruýanyň ogly Ýowap ilat ýazuwyny geçirmäge girişenem bolsa, ol bu işi ahyryna çenli alyp gitmedi. Sebäbi munuň üçin Ysraýyla Rebbiň gahary geldi. Şeýdip, soňkular Dawut patyşanyň taryh kitabyna girizilmedi. Adyýeliň ogly Azmawet patyşanyň hazynaçysydy. Ýurduň, şäherleriň, obalardyr galalaryň hazynaçysy bolsa Uzyýanyň ogly Ýonatandy. Ýer işi üçin ekin meýdanlarynda işleýänlere Kelubyň ogly Ezri baştutanlyk edýärdi. Ramaly Şimgi üzüm baglaryna, şepamly Zabdy üzüm baglaryndaky şerap ammarlaryna, gederli Bagalhanan günbatar baýyrlykdaky zeýtun hem-de ýabany injir agaçlaryna, Ýogaş ýag ammarlaryna garaýardy. Şaronly Şitraý Şarondaky iri mallara, Adlaýyň ogly Şapat jülgelerdäki iri mallara, ysmaýyl urugyndan bolan Obyl düýelere, meronotly Ýehdeýa eşeklere, hagarly Ýazyz dowarlara garaýardy. Şularyň hemmesi Dawut patyşanyň mülklerine gözegçilik eden adamlardy.
Выбор основного перевода