Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Gapagyň her iki ýan çetinde döwme altyndan iki sany kerup ýasat. Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirsinler. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, gapak bilen bir bitewi edip berkitdir. Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp dursun. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip dursunlar. Saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy sandygyň içinde goýup, gapagy hem onuň üstünden goý. Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin. Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasa. Ol içki otagda her biriniň boýy on tirsek bolan zeýtun agajyndan iki sany kerup ýasady. Keruplaryň ikisiniň hem ganatynyň uzynlygy bäş tirsekdi. Olaryň hersiniň ganaty, ganatynyň bir ujundan beýleki ganatynyň ujuna çenli on tirsekdi. Keruplaryň ikisiniň ölçegi-de, şekili-de birdi. Keruplaryň ikisiniň-de beýikligi on tirsekdi. Süleýman keruplary Rebbiň öýüniň içki otagynda goýdy. Olaryň ganatlary, biriniň ganaty diwaryň bir tarapyna, beýlekisiniň ganaty diwaryň eýleki tarapyna ýeter ýaly gerlip goýlandy. Keruplaryň beýleki ganatlary öýüň ortasyna tarap gerlip durdy. Süleýman keruplara hem altyn çaýdy.
Выбор основного перевода