Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz Meniň buýruklarymy saklap, olary berjaý ediň. Men Rebdirin. Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň. Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar! Diňe Hudaýyňyz Rebbiň görkezen ýolundan ýöräň. Şonda siz diri galyp, gowy günler görersiňiz we mülk edinjek ýurduňyzda uzak wagtlap ýaşarsyňyz» diýdi. Çagalaryňyz, çagalaryňyzyň çagalary bilen bile Hudaýyňyz Rebden gorkup, Onuň size meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklarydyr parzlaryny ömürboýy berjaý ediň. Şonda ömrüňiz uzak bolar. Şonuň üçin hem, eý, ysraýyl halky, gulak goý. Olary yhlas bilen ýerine ýetiriň, şonda gowy günler görersiňiz we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, süýt we bal akýan ýurdunda has köpelip ýaýrarsyňyz. Rebbiň ata-babalaryňyza we olaryň nesillerine bermegi wada eden süýt we bal akýan ýurdunda uzak ömür sürersiňiz. Eti gany bilen iýmäň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz, sebäbi siz Rebbiň nazarynda dogry işleri edýärsiňiz. Meniň size bu günki buýurýan bu sözlerimiň ählisine gulak goýup, berjaý ediň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda gowy we dogry işler edýärsiňiz. Ene guş, goý, gitsin, onuň diňe çagalaryny alyň, şonda siz gowy günler görüp, ömrüňiz uzak bolar. «Ene-ataňa hormat goý, şonda ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ömrüň uzak bolar» – bu Hudaýyň wada bilen beren ilkinji buýrugydyr. «Ene-ataňa hormat goý, şonda ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ömrüň uzak bolar» – bu Hudaýyň wada bilen beren ilkinji buýrugydyr.
Выбор основного перевода