Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, ysraýyllar Bagalpegor butuna özlerini bagyş etdiler. Ysraýyllaryň garşysyna Rebbiň gahary geldi. Onsoň Reb Musa: «Rebbiň gahar-gazaby Ysraýyldan sowlar ýaly, halkyň ähli ýolbaşçylaryny getirip, olary öldürip, Günüň astynda ser» diýdi. Musa ysraýyl serdarlaryna: «Siziň her biriňiz öz adamlaryňyzyň arasynda Bagalpegor butuna sežde edýänlere goşulan her kesi öldüriň!» diýip buýruk berdi. Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi. Muny gören Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas halkyň arasyndan çykyp, eline naýza aldy. Ol ysraýyllynyň yzyndan çadyra girip, naýzany birbada olaryň ikisiniň hem – ysraýyllynyň hem, midýanly aýalyň hem garnyndan sokdy. Şol bada ysraýyl halkynyň arasyna iberilen gyrgynçylyk togtadyldy. Emma gyrgynçylykdan eýýäm ýigrimi dört müň ysraýylly ölüpdi. Soňra Bagalpegor butuna bil bagladylar, ölülere bagyş edilen gurbanlyklary olar iýdiler. Olar edenleri bilen Rebbi gazaplandyrdy, mergi olaryň başyna indi.
Выбор основного перевода