Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa: «Ine, seniň bilen gepleşenimde, adamlar eşider ýaly we olar saňa hemişelik ynanar ýaly, Men seniň ýanyňa goýy bulutda gelerin» diýdi. Musa halkyň sözlerini Rebbe aýdanda, Surnaýyň owazy gitdigisaýy güýçlenýärdi. Musa gepledi, Hudaý oňa gök gürrüldili ses bilen jogap berdi. Reb Musa diýdi: «Şuny ysraýyllara ýetir: „Meniň siziň bilen Gökden gepleşenimi özüňiz gördüňiz. Reb oduň içinden size seslendi. Siz Onuň sözlerini eşitdiňiz, emma Onuň Özüni görmediňiz, diňe sesini eşitdiňiz. Siziň ýakynlaşan dagyňyz elläp görüp bolýan Sinaý dagy ýaly däldir. Sinaý dagynda alawly ot ýanýardy, dagyň üstüni tümlük, gara bulut örtüp, gaý-harasat turýardy,
Выбор основного перевода