Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Diňe Hudaýyňyz Rebbiň görkezen ýolundan ýöräň. Şonda siz diri galyp, gowy günler görersiňiz we mülk edinjek ýurduňyzda uzak wagtlap ýaşarsyňyz» diýdi. «Bu günki meniň berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Şonda siz ýaşarsyňyz, köpelersiňiz we Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz. Adalatyň, diňe adalatyň gözleginde boluň, şonda siz ýaşap, Hudaýyňyz Rebbiň berjek ýurduny mülk edinersiňiz. Meniň bu gün tabşyryşym ýaly, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöreseňiz, Onuň tabşyryklaryny, parzlarydyr hökümlerini berjaý etseňiz, onda siz ýaşarsyňyz we köpelersiňiz. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizde Hudaýyňyz Reb sizi ýalkar. Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmaga asmany we ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar. Men olara parzlarymy we hökümlerimi berdim. Bu hökümleri berjaý eden her bir adam ýaşar.
Выбор основного перевода