Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler. Siz asman ýyldyzlary ýaly köpdüňiz, emma siz az bolup galarsyňyz, sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmediňiz. Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. Guluň Musa: „Eger biwepalyk etseňiz, sizi halklaryň arasyna pytradaryn. Ýöne siz Maňa dolanyp, tabşyryklarymy ýatda saklap, berjaý etseňiz, siziň sürgün edilenleriňiz ýeriň aýagujunda bolsa-da, Men olary şol ýerden ýygnap, Öz adymyň mesgen tutmagy üçin saýlan ýerime getirerin“ diýen sözleriňi ýada sal. Milletleriň butlary kümüş, tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir. Olaryň agzy bar, ýöne gürlemeýär, gözleri bar, ýöne görmeýär. Gulaklary bar, ýöne eşitmeýär, burunlary hem ys-kok almaýar. Elleri bar, ýöne hiç zat duýmaýar, aýaklary bar, ýöne ýöremeýär, bogazlaryndan ses-üýn çykmaýar. But ýasaýanlaryň bary biderekdir, olara ýaraýan zatlar peýdasyzdyr, olaryň şaýatlary ne görýär, ne-de zat bilýär. Utanja galdyrylar olar. Ony gerişlerine alyp göterýärler, ýerinde goýýarlar, ol şol ýerde durýar, ýerinden gozganyp bilmeýär. Jogap bermeýär oňa perýat edenlerinde, hiç bir beladan gutarmaýar. Olary ýurtlara dargadanymda, milletler arasyna pytradanymda, Meniň Rebdigimi bilerler.
Выбор основного перевода