Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa: «Ine, seniň bilen gepleşenimde, adamlar eşider ýaly we olar saňa hemişelik ynanar ýaly, Men seniň ýanyňa goýy bulutda gelerin» diýdi. Musa halkyň sözlerini Rebbe aýdanda, Birigün irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Galyň bulut dagyň üstüne geldi we şeýle bir batly sesli surnaý çalyndy. Düşelgedäki ähli adamlar gorkup titreşdiler. Goý, ol bu Kanunyň göçürmesini ýanynda saklasyn we ony ömrüniň ähli günlerinde okasyn. Şonda ol öz Hudaýy Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirer. Ähli halky: erkekleri, aýallary, çagalary, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Olar bu barada eşidenlerinde, Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrensinler.
Выбор основного перевода