Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Musa düşelgäniň girelgesinde durup: «Kimde-kim Rebbiň tarapynda bolsa meniň ýanyma gelsin!» diýdi. Ähli lewiler onuň daşyna üýşdi. Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň hemmäňiz gylyçlaryňyzy dakynyň! Siziň her biriňiz düşelgeleriň bir çetinden beýleki çetine çenli gapyma-gapy aýlanyp, öz garyndaşyňyzy, dostuňyzy we goňşyňyzy öldüriň“» diýdi. Lewiler Musanyň buýruşy ýaly etdiler. Şol gün üç müňe golaý adam heläk boldy. Musa lewilere: «Şu gün siz Rebbiň gullugyna bellendiňiz. Her biriňiz öz ogluňyzy we garyndaşyňyzy öldürip, bu gün siziň özüňiz ýalkandyňyz» diýdi. Şonda Lewi bilen eden ähtimiň saklanmagy üçin, bu buýrugy size ýollandygymy biliň. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir. Meniň onuň bilen eden ähtim ýaşaýyş we parahatçylyk ähtidir. Men bulary oňa Menden gorksun diýip berdim. Ol Menden gorkup, adyma hormat goýdy. Onuň edýän öwüt-ündewleri dogrudy, hileli sözi ýokdy. Ol Meniň bilen ylalaşyk we dogrulyk ýolundan ýöräp, köp adamlary günäden sowdy. Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň we Hoş Habaryň hatyrasyna öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da mülk ýerlerini taşlabam, «Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, bala-çagasyny, doganyny, uýasyny, hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.
Выбор основного перевода