Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý saňa Gögüň çygyndan, mes toprakly ýerden, bol galla hem şerap bersin. Ýusup bir miweli agaçdyr, bulak başyndaky miweli daragtdyr, şahalary diwardan aşýar. Ýaýçylar gazap bilen hüjüm etdiler Ýusuba, ony atyp, yzyndan kowdular onuň. Emma Ýakubyň Gudratly Hudaýy, Ysraýylyň Çopany, Gaýasy tarapyndan onuň ýaýy berk, gollary gujurly edildi. Ataňyň Hudaýydyr saňa medet berjek, ýokardaky asmanyň bereketleri bilen, ýer astyndaky çuňluklaryň bereketleri bilen, ene göwsi hem ene ýatgysynyň berekedi bilen Gudratygüýçli Hudaý ýalkajakdyr seni. Ataňyň beren patalary baky daglaryň bereketlerinden, ebedi baýyrlaryň baýlygyndan artykdyr, şu patalar Ýusubyň başyna insin, doganlarynyň arasyndan saýlananyň üstünde bolsun.
Выбор основного перевода