Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Naftaly görmegeý çagaly erkin suguna çalym edýär. Altynjy gezek naftaly tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň araçägi Helepden, Saganannymdaky dub tokaýlaryndan, Adamynekepden we Ýabneýelden Lakkuma çenli gelip, ol Iordanda gutarýar. Serhet günbatara Aznottabora öwrülip, soň Hukoga barýar, günorta tarapdan Zebuluna, günbatar tarapdan bolsa Aşere we gündogar tarapdan Iordanyň ýakasynda bolan Ýahuda ýanaşýar. Olara degişli bolan berk galalar şulardyr: Siddim, Ser, Hammat, Rakat, Kinneret, Adama, Rama, Hasor, Kedeş, Edreý, Eýnhasor, Ýyron, Migdalel, Horem, Beýtanat we Beýtşemeş – obalary bilen bile on dokuz gala. Bu bolsa naftaly tiresiniň uruglaryna görä düşen mülk ýerleri, galalary we obalarydyr.
Выбор основного перевода