Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb ony ýer ýüzüniň belentliginde gezdirdi, meýdan önümi bilen naharlady. Gaýadan akan bal bilen, çakmak daşdan çykan zeýtun ýagy bilen bakdy. Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri we olaryň hudaýlaryny olaryň öňünden kowup çykardyň. Söweşjeň halkdan meni halas eýleýäň, Sen meni milletlere baş edip goýýaň, tanamadyk halkym tabyndyr maňa. Rebbi pena edinýär biziň janymyz, Ol – kömegimiz we galkanymyz. Eý, Ysraýyl, Rebbe bil bagla! Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň. Şeýle ýalkanan halk nähili bagtly! Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly! Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.
Выбор основного перевода