Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rubenler bilen gatlaryň mal-garasy gaty köpdi. Ýazer we Gilgat topraklarynda mal bakmaga oňat ýerleriň bardygyny görenlerinde, gatlar bilen rubenler gelip, Musa bilen ruhany Elgazara we halkyň baştutanlaryna şeýle diýdiler: «Atarot, Dibon, Ýazer, Nimra, Heşbon, Elgala, Sebam, Nebo we Begon ýaly Rebbiň ysraýyl halky üçin basyp alan ýerleri mal bakmaga amatly ýerlerdir. Siziň gullaryňyzyň bolsa mal-garasy bar». Olar şeýle dowam etdiler: «Eger biz siziň öňüňizde merhemet gazanan bolsak, goý, bu toprak biz gullaryňyza mülk edilip berilsin. Bizi Iordan derýasyndan aňry geçirmäň». Onsoň rubenler bilen gatlar Musanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz bu ýerde dowar sürülerimiz üçin agyllar we çagalarymyz üçin galalar gurjak. Emma biz söweşe taýýar bolup, gaýduwsyz esgerler hökmünde ysraýyllaryň öňünden gideris we olary barmaly ýerlerine çenli elteris. Şu wagt bolsa, biziň çagalarymyz bu ülkäniň ilatyndan goranyp, berkidilen galalarda ýaşarlar. Ysraýyllaryň her biri öz mülküne eýe bolýança, biz öýümize gaýtmarys. Biz olar bilen birlikde Iordanyň aňry gapdalyndan mülk ýer almarys, çünki biziň paýymyza Iordanyň bäri gapdaly, gündogar tarapy düşdi». Gatlar bilen rubenler şeýle jogap berdiler: «Reb seniň gullaryňa näme buýursa, biz şony-da berjaý ederis. Biz gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda derýadan geçip, Kengan ýurduna gireris, ýöne bize miras düşen mülkümiz, goý, Iordanyň şu gündogar gapdaly bolsun». Ýeşuwa ruben, gat tirelerine we manaşa tiresiniň ýarysyna ýüzlenip şeýle diýdi: «Rebbiň guly Musanyň aýdanlaryny ýadyňyza salyň. Ol size: „Hudaýyňyz Reb siziň rahatlygyňyz üçin bu topragy size berýär“ diýipdi. Siziň aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garalaryňyz, goý, Iordan derýasynyň gündogar tarapynda – Musanyň size beren ýerinde galsyn. Emma araňyzdaky ähli urşujylar ýaraglanyp, doganlaryňyzyň öňünden derýadan geçsinler. Tä Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berýänçä we tä olar hem Hudaýyňyz Rebbiň özlerine berýän ýerini eýeleýänçäler, siz olara kömek ediň. Şondan soň siz Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň gündogaryndaky özüňize beren ýerine dolanyp gelip, oňa eýelik edersiňiz». Rubenler, gatlar we gündogardaky manaşa tiresi Musanyň aýdyşy ýaly, ýaraglanyp ysraýyllaryň öňünden geçdiler. Güýçli urşujylaryň kyrk müňe golaýy Rebbiň huzurynda söweşe taýýar bolup, Ýeriho düzlügine geldiler. Soňra Ýeşuwa ruben, gat tirelerini we gündogardaky manaşa tiresini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Siz Rebbiň guly Musanyň buýruklaryny ýerine ýetirdiňiz we meniň ähli tabşyryklaryma boýun bolduňyz. Bütin şol wagtyň dowamynda siz doganlaryňyzy şu güne çenli ýeke taşlamadyňyz we öz Hudaýyňyz Rebbiň buýruklaryny dykgat bilen ýerine ýetirdiňiz.
Выбор основного перевода