Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şimgon we Lewi dogandyr bular, gylyçlaryny zalymlyk etmek üçin ulanýandyr olar, gatnaşmaýyn men olaryň geňeşine asla, goşulmaýyn men olaryň toparyna, çünki gaharlaryna adamlary gyrdylar olar, keýpihonlykda öküzleri maýyp--müjrüp etdiler olar. Nälet bolsun olaryň gahar--gazaplaryna, çünki bu zalymlykdyr, nälet bolsun, olaryň sütemkärligine, çünki bu zabunlykdyr, men Şimgonyň we Lewiniň nesillerini Ýakubyň arasyna dagadaryn, men olary Ysraýylyň arasyna pytradaryn. Ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy. Höküm gursakçada Urymy we Tummymy goý. Harun Meniň huzuryma gelende, olary ýüreginiň üstünden dakyp gelsin. Meniň huzurymda Harun hemişe hökümimi ysraýyllara ýetirip gezer. Ysraýyl halky bu ýerde Reb bilen dawa edeni üçin, bu suwuň çykan ýerine Meriba diýip at berildi. Ol ýerde Reb Öz mukaddesligini görkezdi.
Выбор основного перевода