Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin. Ruhany onuň endamyndaky deri keselini barlasyn. Eger deriniň keselli ýeriniň gyllary agaryp, ol deriden aşak geçen bolsa, onda bu deri keselidir. Ruhany deri kesellini gözden geçirenden soň, ony haram diýip yglan etsin. Emma keselliniň endamyndaky menek ak bolup, ol deriniň astyna geçmän, deriniň keselli ýeriniň gyllary agarmadyk bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keseli endama ýaýraman, öňküligine galan bolsa, onda ruhany deri kesellini ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn. Ýedinji günde ruhany ony ýene gözden geçirsin. Eger deri keseli solup, endama ýaýramadyk bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Bu diňe goturdyr, ol adam geýimlerini ýuwsun we diňe şondan soň ol tämiz bolar. Ýöne deri keselli adam tämizlenmek üçin özüni ruhana görkezenden soň, gotur onuň endamyna ýaýrap ugrasa, ol ýene-de ruhanynyň ýanyna gelsin. Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger gotur onuň endamyna ýaýran bolsa, ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Bu deri keselidir. Eger kimdir biri deri keseline ýoluksa, ol ruhanynyň ýanyna getirilsin. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň derisinde ak pakgarma bolup, onuň üstündäki gyllar agaryp, açyk ýara dörän bolsa, bu ötüşen ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ruhana kesellini aýry saklamak gerek däldir, çünki ol haramdyr. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň derisinde ak pakgarma bolup, onuň üstündäki gyllar agaryp, açyk ýara dörän bolsa, bu ötüşen ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ruhana kesellini aýry saklamak gerek däldir, çünki ol haramdyr. Emma deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir. Emma deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir. Emma keselliniň endamyndaky ýaranyň içindäki et gyzaran bolsa, ol şol günüň özünde haram diýip yglan edilsin. Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger ruhany deridäki, ýaranyň içinde gyp-gyzyl et görse, ol deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ýaranyň içinde gyzaran et harapdyr, çünki ol deri keselidir. Emma ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agarsa, ol deri keselli adam ruhanynyň ýanyna gelsin. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agaran bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Ol tämizdir. Eger biriniň endamyna çyban çykyp, gowulaşandan soň çybanyň ýerinde ak pakgarma ýa-da gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, ol ruhana görkezilmelidir. Eger biriniň endamyna çyban çykyp, gowulaşandan soň çybanyň ýerinde ak pakgarma ýa-da gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, ol ruhana görkezilmelidir. Ruhany ony gözden geçirsin, eger şol gyzylymtyl ak menek deriden aşak geçip, ondaky gyllar agaran bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Ol çyban çykan ýerden dörän deri keselidir. Emma ruhany deri kesellini gözden geçirende, gyzylymtyl ak menegiň üstündäki gyllar agarmadyk bolsa we ol deriden aşak geçmedik bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn. Eger gyzylymtyl ak menek onuň bütin endamyna ýaýran bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Bu ýokançly deri keselidir. Emma bu menek bir ýerde bolup, endama ýaýramadyk bolsa, onda bu çybandan galan yzdyr. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin. Eger kimdir biriniň endamynda ýanyk bolup, ol ýanyk ýarasy gyzylymtyl ak ýa-da çuw-ak menege öwrülse, ruhany ony gözden geçirsin. Eger menekdäki gyllar agaryp, menek deriden aşak geçen bolsa, bu ýanykdan dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Eger kimdir biriniň endamynda ýanyk bolup, ol ýanyk ýarasy gyzylymtyl ak ýa-da çuw-ak menege öwrülse, ruhany ony gözden geçirsin. Eger menekdäki gyllar agaryp, menek deriden aşak geçen bolsa, bu ýanykdan dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Emma ruhany ony gözden geçirende, menekdäki gyllar agarman, menek deriden aşak geçmän, gaýtam onuň reňki öçüşen bolsa, ruhany ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany ony gözden geçirsin. Eger menek endama ýaýraýan bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Bu deri keselidir. Emma bu menek bir ýerde bolup, ol endama ýaýraman, gaýtam, onuň reňki öçüşen bolsa, bu ýokançly deri keseli däldir. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin, çünki bu ýanyk ýarasyndan galan yzdyr. Erkek adamyň ýa-da aýalyň kellesinde ýa-da eňeginde deri keseli peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli deriden aşak geçip, ondaky gyllar inçejik, sary bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Ol gijilewükdir; ol kellede we eňekde dörän ýokançly deri keselidir. Erkek adamyň ýa-da aýalyň kellesinde ýa-da eňeginde deri keseli peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli deriden aşak geçip, ondaky gyllar inçejik, sary bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Ol gijilewükdir; ol kellede we eňekde dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa we onda gara gyllar ýok bolsa, onda ruhany gijilewükli adamy ýedi gün aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýramadyk bolsa we deriden aşak geçmedik bolsa, ruhany ony tämiz diýip yglan etsin. Ol eşiklerini ýuwsun, şondan soň ol tämiz bolar. Eger gijilewük keselli tämiz diýlip yglan edilenden soň, gijilewük onuň endamyna ýaýrasa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýran bolsa, onda ruhany sary gyllary tapjak bolup oturmasyn, ol haramdyr. Eger gijilewük keselli tämiz diýlip yglan edilenden soň, gijilewük onuň endamyna ýaýrasa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýran bolsa, onda ruhany sary gyllary tapjak bolup oturmasyn, ol haramdyr. Emma ruhanynyň pikiriçe gijilewük öňki durşuna galyp, oňa gara gyllar çykan bolsa, onda gijilewük gowulaşandyr. Ol adam tämizdir we ruhany ony tämiz diýip yglan etsin. Erkek adamyň ýa-da aýalyň derisinde ak menekler peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deridäki menekler agymtyl bolsa, bu deride ören örgündir, ol tämizdir. Erkek adamyň ýa-da aýalyň derisinde ak menekler peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deridäki menekler agymtyl bolsa, bu deride ören örgündir, ol tämizdir. Eger bir adamyň saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir. Eger onuň maňlaý saçy we depe saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir. Emma takyr kellede ýa-da maňlaýda gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, bu onuň takyr kellesinde ýa-da maňlaýynda dörän deri keselidir. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň takyr kellesindäki ýa-da maňlaýyndaky ýokuşýan deri keseli ýaly gyzylymtyl ak menek bolsa, ol adam deri kesellidir we ol haramdyr. Ruhany deri kesellidigi üçin, ol adamy haram diýip yglan etsin. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň takyr kellesindäki ýa-da maňlaýyndaky ýokuşýan deri keseli ýaly gyzylymtyl ak menek bolsa, ol adam deri kesellidir we ol haramdyr. Ruhany deri kesellidigi üçin, ol adamy haram diýip yglan etsin. Ýokançly deri keseli bolan adam sal-sal eginbaş geýip, saçyny daramasyn we eli bilen agzyny tutup: „Men – haram, men – haram“ diýip gygyrsyn. Ýokançly deri keseli aýrylyp gidýänçä, ol haramdyr. Ol ýeke ýaşamalydyr we düşelgäniň daşynda bolmalydyr». «Egin-eşige degişli kadalar şeýledir. Ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, zygyr süýümiň ýa-da ýüňüň erşinde ýa-da argajynda bolsun, deride ýa-da deriden edilen islendik zatda bolsun – parhy ýok, onuň ýaşylrak ýa-da gyzylrak öwüsýän ýeri bar bolsa, ol zeňdir we ol ruhana görkezilmelidir. «Egin-eşige degişli kadalar şeýledir. Ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, zygyr süýümiň ýa-da ýüňüň erşinde ýa-da argajynda bolsun, deride ýa-da deriden edilen islendik zatda bolsun – parhy ýok, onuň ýaşylrak ýa-da gyzylrak öwüsýän ýeri bar bolsa, ol zeňdir we ol ruhana görkezilmelidir. «Egin-eşige degişli kadalar şeýledir. Ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, zygyr süýümiň ýa-da ýüňüň erşinde ýa-da argajynda bolsun, deride ýa-da deriden edilen islendik zatda bolsun – parhy ýok, onuň ýaşylrak ýa-da gyzylrak öwüsýän ýeri bar bolsa, ol zeňdir we ol ruhana görkezilmelidir. Ruhany zeňli zady gözden geçireninden soň, ony ýedi günläp aýry saklasyn. Ýedinji günde ruhany zeňli zady ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň eşikde, erişde ýa-da argaçda, deride ýa-da islendik bir deriden edilen zatda bolsa, ýaýraýan ýokançly zeňdir we ol haraplanandyr. Erişden tikilen bolsun ýa-da argaçdan, ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan, ýa-da deriden – parhy ýok, ruhany ol zeň ýaýran eşigi oda ýaksyn. Ruhany ony gözden geçireninde, zeň eşige, erşe ýa-da argaja, ýa-da deriden edilen islendik zada ýaýramadyk bolsa, ruhany şol zeňli zadyň ýuwulmagyny buýursyn. Soňra ony ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn. Ruhany ony gözden geçireninde, zeň eşige, erşe ýa-da argaja, ýa-da deriden edilen islendik zada ýaýramadyk bolsa, ruhany şol zeňli zadyň ýuwulmagyny buýursyn. Soňra ony ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn. Zeň ýokuşan zat ýuwlandan soň, ruhany ony gözden geçirsin. Eger zeňiň reňki üýtgemedik bolsa, hatda zeň ýaýramadyk bolsa-da, ol haraplanandyr. Zeň eşigiň içindemi ýa-da daşynda – parhy ýok, ony oda ýakyň. Eger ruhany ony gözden geçirýärkä, bu zatlar ýuwlandan soň zeňiň reňkiniň öçüşendigini görse, ol zeňi eşikden, erişden ýa-da argaçdan, ýa-da deriden ýyrtyp aýyrsyn. Eger bu zeň eşikde, erişde ýa-da argaçda, ýa-da deriden edilen bir zatda peýda bolup, ol ýaýrap başlasa, zeňli zady oda ýakyň. Emma eşik, eriş, argaç ýa-da deriden edilen islendik zat ýuwlandan soň zeň aýrylan bolsa, onda ol ikilenç ýuwulsyn, şondan soň ol tämiz bolar. Tämiz ýa-da haraplanan diýip yglan etmek üçin, ýüň ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, erişde, argaçda ýa-da deriden edilen islendik zatda peýda bolan zeň baradaky kadalar şulardan ybaratdyr». «Ýokançly deri keselli adamyň tämizlenýän döwründäki kadasy şeýledir: ýokançly deri kesellini ruhanynyň ýanyna getirsinler. Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keselli adam keselden gutulan bolsa, ruhany tämizlenmeli adam üçin iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik oty getirmeklerini buýursyn. Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keselli adam keselden gutulan bolsa, ruhany tämizlenmeli adam üçin iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik oty getirmeklerini buýursyn. Ruhany guşlaryň biriniň içi çeşme suwly toýun gabynyň üstünde soýulmagyny buýursyn. Onuň özi bolsa diri guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny alyp, olary çeşme suwunyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn. Onsoň ruhany deri keselinden tämizlenmeli adamyň üstüne gandan ýedi gezek sepeläp, ony tämiz diýip yglan etsin. Soňra ol guşy açyk meýdana uçuryp goýbersin. Tämizlenmeli adam geýimlerini ýuwup, endamyndaky ähli tüýlerini syryp ýuwunsyn. Şonda ol tämiz bolar. Soňra ol düşelgä girsin, ýöne ýedi gün geçýänçä, öz çadyryna girmesin. Ýedinji gün ol saçyny, sakgalyny, gaşyny, endamyndaky ähli tüýlerini syrsyn. Soňra ol geýimlerini ýuwup, suwa düşünsin. Şonda ol tämiz bolar. Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin. Tämizleýän ruhany tämizlenýän adamy şu zatlar bilen bilelikde Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin. Ruhany guzularyň birini alyp, ýazyk gurbanlygy hökmünde bir şakäse zeýtun ýagy bilen bile, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Ol guzyny mukaddes ýerde – günä hem-de ýakma gurbanlyk malynyň soýulýan ýerinde soýsun. Çünki ýazyk gurbanlygy-da, edil günä gurbanlygy ýaly, ruhanynyňky bolsun. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr. Ruhany ýazyk gurbanlygynyň ganyndan biraz alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna çalsyn. Ruhany şol bir şakäse zeýtun ýagyndan alyp, ony öz çep eliniň aýasyna guýsun. Onsoň çep elindäki ýaga sag eliniň barmagyny batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin. Elinde galan ýagdan ruhany tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna, ýazyk gurbanlygynyň malynyň gany sürtülen ýere çalsyn. Elindäki ýagyň galanyny ruhany tämizlenýän adamyň kellesine çalsyn. Şeýdip, ruhany ol adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin. Haram adamy haramlygyndan tämizlemek üçin, ruhany günä gurbanlygyny hödür etsin. Soňra ol ýakma gurbanlygynyň malynyň damagyny çalsyn. Ruhany gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny bersin. Şeýdip, ruhany ony haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol adam tämiz bolar. Eger ol adam garyp bolup, bu zatlara gurby çatmasa, ol haramlygyndan tämizlenmek üçin, Rebbe göterme sadaka hökmünde bir ýaşar goçy, galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan bir batmanyň ondan bir bölegine barabar bolan saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny ol ruhana getirip bersin. Şeýle hem ol iki gumrynyň ýa-da iki kepderiniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Sekizlenji gün gurbanlyk berýän adam bu gurbanlyklary özüniň tämizlenmegi üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirip, olary ruhana bersin. Ruhany ýazyk gurbanlygynyň goçuny we bir şakäse zeýtun ýagyny alyp, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Ruhany ýazyk gurbanlygynyň goçuny soýup, onuň ganyndan birazragyny alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna çalsyn. Ruhany zeýtun ýagyndan birazragyny, özüniň çep eliniň aýasyna guýsun. Onsoň ruhany sag eliniň barmagyny çep elindäki ýaga batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin. Ruhany elindäki ýagdan tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna, ýazyk gurbanlygynyň goçunyň gany sürtülen ýere çalsyn. Elindäki ýagyň galanyny ruhany Rebbiň huzurynda tämizlenýän adamy haramlygyndan tämizlemek üçin, onuň kellesine çalsyn. Soňra ruhany ol adamyň gurbunyň çatyp getiren gumrularynyň ýa-da kepderileriniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde galla sadakasy bilen birlikde hödür etsin. Şeýdip, ruhany tämizlenýän adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin. Soňra ruhany ol adamyň gurbunyň çatyp getiren gumrularynyň ýa-da kepderileriniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde galla sadakasy bilen birlikde hödür etsin. Şeýdip, ruhany tämizlenýän adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin. Deri keselli bolup, tämizlenmegi üçin sadaka bermäge gurby çatmaýan kişiler üçin kada şulardan ybaratdyr». Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Siz Meniň mülk edip berýän Kengan ýurduma baranyňyzdan soň, Men siziň öýleriňiziň birinde zeň döretsem, şol öýüň eýesi ruhanynyň ýanyna gelip: „Öýümde zeň peýda boldy“ diýsin. «Siz Meniň mülk edip berýän Kengan ýurduma baranyňyzdan soň, Men siziň öýleriňiziň birinde zeň döretsem, şol öýüň eýesi ruhanynyň ýanyna gelip: „Öýümde zeň peýda boldy“ diýsin. Ruhany öýi gözden geçirmäge gitmezden öň, öýüň içindäki bar zatlaryň daşa çykarylmagyny buýursyn, ýogsam öýüň içindäki ähli zat haraplanar. Soňra ruhany öýi gözden geçirmäge gitsin. Ol zeň ýeri gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarynda bolup, ýaşylymtyl ýa-da gyzylymtyl menekler görnüşinde diwarda çuň ornan bolsa, ruhany öýden daşa çykyp, öýi ýedi günläp gulplap goýsun. Ol zeň ýeri gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarynda bolup, ýaşylymtyl ýa-da gyzylymtyl menekler görnüşinde diwarda çuň ornan bolsa, ruhany öýden daşa çykyp, öýi ýedi günläp gulplap goýsun. Ýedinji gün ruhany gelip, öýi ýene gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarlaryna ýaýrap giden bolsa, ruhany zeň ýaýran daşlary aýyrdyp, olary galanyň daşyndaky harap zatlaryň zyňylýan ýerine taşlatsyn. Ýedinji gün ruhany gelip, öýi ýene gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarlaryna ýaýrap giden bolsa, ruhany zeň ýaýran daşlary aýyrdyp, olary galanyň daşyndaky harap zatlaryň zyňylýan ýerine taşlatsyn. Ruhany öýüň içiniň suwagyny gyrdyryp alyp, ony galanyň daşyndaky harap zatlaryň zyňylýan ýerine taşlatsyn. Aýrylan daşlaryň ýerine başga daşlar örülip, öý täzeden suwalsyn. Daşlary sökülip alnyp, suwagy gyrlyp aýrylyp, täzeden suwalandan soňam ol öýde zeň peýda bolsa, ruhany baryp, ol öýi ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň öýe ýaýran bolsa, ol öý harap saýylsyn. Daşlary sökülip alnyp, suwagy gyrlyp aýrylyp, täzeden suwalandan soňam ol öýde zeň peýda bolsa, ruhany baryp, ol öýi ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň öýe ýaýran bolsa, ol öý harap saýylsyn. Ol öý ýykylmalydyr, onuň daşlary, agaçlary we öýüň ähli suwaglary, galanyň daşyna, harap zatlaryň zyňylýan ýerine çykarylyp taşlansyn. Kimde-kim „öý ýapyk“ diýlip yglan edilen döwürde oňa girse, ol agşama çenli haram saýylsyn. Kimde-kim ol öýde ýatsa ýa-da naharlansa, ol geýimlerini ýuwsun. Öý suwalandan soňra ruhany gelip, öýi gözden geçirsin. Eger öýe zeň ýaýramadyk bolsa, ruhany öýi tämiz diýip yglan etsin, çünki bu zeňiň doly aýryldygydyr. Öýi halallamak üçin ruhany iki sany guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny alsyn. Guşlaryň birini içi çeşme suwly toýun gabyň üstünde öldürsin. Onsoň kedr agajynyň bölegini, käkiligi, goýy gyzyl reňkli ýüpi diri guş bilen bilelikde alyp, olary çeşme suwly toýun gabynyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn-da, gany ýedi gezek öýüň içine sepelesin. Şeýdip, ruhany öýi guşuň gany, çeşme suwy, diri guşy, kedr agajynyň bölegini, käkilik otuny we goýy gyzyl reňkli sapak bilen halallasyn. Ruhany diri guşy galanyň daşyna çykaryp, ony açyk meýdana uçuryp goýbersin. Şeýdip, ol öýi halallasyn, şondan soň öý tämiz bolar. Her hili deri keselleri: gijilewük, geýimde we öýde peýda bolan zeň, deri pakgarmasy, gotur, menek ýaly her dürli deri keselleriň harapdygyny ýa-da tämizdigini kesgitleýän kadalar şulardan ybaratdyr». Her hili deri keselleri: gijilewük, geýimde we öýde peýda bolan zeň, deri pakgarmasy, gotur, menek ýaly her dürli deri keselleriň harapdygyny ýa-da tämizdigini kesgitleýän kadalar şulardan ybaratdyr». Her hili deri keselleri: gijilewük, geýimde we öýde peýda bolan zeň, deri pakgarmasy, gotur, menek ýaly her dürli deri keselleriň harapdygyny ýa-da tämizdigini kesgitleýän kadalar şulardan ybaratdyr». Ýahýa tussag edilenden soňra, Isa Jelilä gelip, Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etdi.
Выбор основного перевода