Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir adam bir gyza öýlenip, oňa ýanaşandan soň, ony halaman, gyzy günäkärläp: „Men bu gyza öýlendim, ýöne onuň ýanyna girenimde, bu gyz çykmady“ diýip, oňa töhmet atsa, gyzyň ata-enesi onuň päkligi hakyndaky subutnamany äkidip, derwezäniň agzynda galanyň ýaşulularyna görkezsin. Gyzyň atasy ýaşululara: „Men gyzymy bu adama durmuşa çykardym, emma ol meniň gyzymy halaman, ‘Bu gyz çykmady’ diýip, nähak günäkärledi. Emma gyzymyň päkligini görkezýän subutnama, ine, şu ýerde“ diýsin. Soňra olar bu subutnama matany galanyň ýaşulularynyň öňünde ýazyp görkezsinler. Galanyň ýaşululary ol adamy gamçy bilen jezalandyrsynlar. Ýaşulular oňa iki ýüz elli mysgal kümüş jerime salyp, bu puly gyzyň atasyna bersinler, sebäbi ol adam Ysraýylyň päk gyzyna töhmet atdy. Ol gyz töhmet atan adamyň aýaly bolup galsyn. Ol adama ömürboýy ondan aýrylyşmaga rugsat berilmeýär. Eger ol adamyň aýdanlary dogry bolup, ol gyzyň gyzlygy ýok bolsa, ony atasy öýüniň girelgesine getirsinler-de, galanyň erkekleri daşlap öldürsinler, sebäbi ol atasy öýünde loluçylyk edip, Ysraýylda masgaraçylykly iş edipdir. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Şeýle hem: „Kim aýalyny kowup goýberse, oňa talak hatyny bersin“ diýlendir. Fariseýler Isadan: «Onda näme üçin Musa talak hatyny ýazyp, aýrylyşmaga ygtyýar beripdir?» diýip soradylar. Olar: «Musa talak haty esasynda aýrylyşmaga ygtyýar beripdi» diýdiler. Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen kişi-de zyna edýändir». Nikadakylara bolsa men däl-de, Reb buýurýandyr: aýal öz ärinden aýrylmasyn. Eger aýrylan bolsa, başga äre barmasyn ýa-da öz äri bilen ýaraşsyn. Är-de öz aýalyndan aýrylmasyn. Beýlekilere bolsa Reb däl-de, men diýýärin: eger haýsydyr bir doganyň iman etmedik aýaly bar bolsa, ol aýal hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, onda bu dogan öz aýaly bilen aýrylyşmasyn. Eger aýalyň iman etmedik äri bar bolsa, äri-de onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, bu aýal äri bilen aýrylyşmasyn. Çünki iman etmedik är öz aýaly arkaly Hudaýa degişli bolýandyr. Iman etmedik aýal-da öz iman edýän äri arkaly Hudaýa degişlidir, ýogsa siziň çagalaryňyz Hudaýyň halkyna degişli bolmazdylar. Indi welin olar degişlidir. Hudaý bizi bilelikde parahat ýaşamaga çagyrandyr. Eý, aýal, belki, äriň sen arkaly halas ediler. Eý, är, belki, aýalyň sen arkaly halas ediler. Emma iman etmedik ýanýoldaş aýrylyşjak bolsa, goý, aýrylyşsyn. Imanly är ýa-da aýal şeýle ýagdaýlarda borçly däldir.
Выбор основного перевода