Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, ol seniň kömegiňe mätäç bolsa, sen oňa araňyzda ýaşaýan gelmişeklere goldaw berşiň ýaly goldaw bermeli. Ondan göterim alyp, peýda görjek bolma. Hudaýyňyzdan gork. Goý, olar siziň araňyzda ýaşasyn. Kömege mätäje karz alan pulundan artyk töletme ýa-da peýda görmek üçin iýmiti oňa ýokary bahadan satma. Kengan ýurduny size bermek üçin, siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin. Eger ildeşiňiň biri halys garyp düşüp, özüni saňa satsa, sen ony gul ýaly işletme. Gaýtam, ol seniňkide wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da günlükçi bolsun. Ol baýram ýylyna çenli seniňkide işlesin. Baýram ýylynda bolsa ol öz çagalary bilen seniň ygtyýaryňdan çykyp, öz maşgalasyna, ata-babalarynyň mülküne dolanyp gelsin. Çünki ol Meniň Müsürden alyp çykan gulumdyr. Ol guluň satylyşy ýaly satylmaly däldir. Siz oňa gödek daraşmaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerindäki galalarda ysraýyl doganyňyzyň biri mätäçlik çekse, doňýürek bolmaň, zada mätäç doganyňyz üçin eliňizde baryny aýamaň. Onuň üçin eliňizi açyň, oňa näme gerek bolsa ýeterlikçe karz beriň. Seresap boluň, kalbyňyzda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl – karz geçiş ýyly golaý“ diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz. Siz karz bereniňizde, eliňiz hem, göwnüňiz hem açyk bolsun, çünki Hudaýyňyz Reb şonuň hasabyna siziň ähli işleriňize we her bir başlan işiňize bereket berer. Ýer ýüzünde hemişe ýeter-ýetmezler bolar. Şonuň üçin hem, men size: „Ýerleriňizde ýaşaýan garyplara we mätäç ysraýyl doganlaryňyza eliňiz giňden açyk bolsun“ diýýärin. Eger öz ýewreý, ýagny ysraýyl doganlaryňyzdan gul ýa-da gyrnak size satylsa, olar size alty ýyllap hyzmat eder. Ýedinji ýyl siz ony azatlyga goýbermelisiňiz. Guluňyzy azatlyga goýbereniňizde, siz ony eli boş goýbermeli dälsiňiz. Sürüleriňizden, harmanyňyzdan we şerabyňyzdan oňa jomartlyk bilen beriň, şeýle hem Hudaýyňyz Rebbiň bereket eçilip, size beren zatlaryndan oňa sowgatlar beriň. Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin. Emma gul: „Men azatlyga çykjak däl, sebäbi men seni we hojalygyňy söýýärin we gün-güzeranym hem gowy“ diýse, bir temen alyp, onuň gulagyny gapa diräp deşiň. Soňra ol siziň hemişelik guluňyz bolar. Gyrnagyňyzy hem şeýle ediň. Gullaryňyzy azatlyga goýbereniňizde gynanmaň, sebäbi olar alty ýylyň içinde günlükçilik üçin alnan bahadan iki esse artyk hyzmat etdiler. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.
Выбор основного перевода