Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gelmişekleriň hukugyny kemsitmäň, olara sütem etmäň. Çünki özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz. Hiç bir dul hatyna ýa-da ýetime ezýet bermäň. Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlik etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“ diýdim. Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar. Adalatsyzlyk, tarapgöýlik etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogrynyň işini ters eder. Ýetimleriň eşegini ogurlap äkidýärler, dul hatynyň öküzini girew alýarlar. Hökümdarlaryň pitneçä öwrüldiler, ogrulara şärikdir olar, ählisi para ýatdy, peşgeşleriň yzynda hallan atýarlar. Ýetimiň hukugyny goramaýarlar, dul hatynyň dawasyna garamaýarlar. semrediler, ýognadylar. Hetden aşdy olaryň betpälligi, çözmediler adalatly ýetimiň dawasyny, goramadylar garybyň hiç bir hukugyny. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.
Выбор основного перевода