Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýöne Musanyň Töwratda berlen tabşyryklaryny berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren hyzmatkärleriň ogullaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin» diýip tabşyryk beripdi. Emma Musanyň Töwratda berlen tabşyryklary berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren nökerleriň çagalaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Ene-atalar çagalarynyň günäsi üçin öldürilmesin, çagalar-da ene-atalarynyň günäleri üçin öldürilmesin, her kim öz günäsi üçin öldürilsin» diýip tabşyryk beripdi. Şol günler adamlar: „Atalar turşy üzüm iýdiler, ogullaryň dişi gamaşdy“ diýip, mundan beýläk bu nakyly aýtmazlar. Ýöne her kim öz ýazygy üçin öler, turşy üzüm iýen her adamyň öz dişi gamaşar». Günä eden adam ölmelidir; atasynyň ýazygyny ogly çekmez, oglunyň ýazygyny-da atasy çekmez. Dogruçyl adam dogruçyllygynyň, erbet adam erbetliginiň jogabyny alar.
Выбор основного перевода