Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger goňşyňyň donuny girewine alsaň, Gün batmanka ony yzyna ber. Çünki bu onuň ýeke-täk ýapynjasydyr. Onsuz ol näme ýapynyp ýatsyn? Eger ol Maňa nalyş etse, eşiderin, çünki Men rehimlidirin. Hudaýymyz Rebbiň bize buýruşy ýaly, Onuň huzurynda bu buýruklaryň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirsek, biz dogry saýylarys“». Gije eşiksiz, ýalaňaç ýatýarlar, sowukda ýapynmaga ýorganlary ýok. eşiksiz heläk bolany, ýapynjasy bolmadyk mätäji görüp, olary goýunlarymyň ýüňi bilen ýylatmadyk bolsam, olar hem bütin ýüregi bilen meni alkyşlamadyk bolsalar, Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, onuň dogrulygy dowam eder ebedi, at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty. girewi yzyna berse, ogurlan zadyny tölese we erbetlik etmän, ýaşaýşyň düzgünlerinde ýörese, ol hökman ýaşar, ölmez.
Выбор основного перевода