Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Men şol wagtky basyp alan ýerimizi paýladym. Men ruben we gat tirelerine Arnon jülgesiniň çetindäki Arogeriň demirgazygyny, şeýle hem Gilgat daglygynyň ýarysyny onuň galalary bilen bile berdim. Bu ýer Arnon jülgesiniň çetindäki Arogerden Sirýon dagyna (bu Hermon dagy) çenli uzalyp gidýär. Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky gala hem-de tutuş Meýdeba tekizliginden Dibona çenli bolan ýerler. Şeýle hem, Heşbonda hökümdarlyk eden amor hany Sihonyň ähli galalaryndan tä ammonlaryň araçägine çenli bolan ýerler. Hanlaryň biri Heşbonda ýaşan amor hany Sihondy. Onuň hanlygy Gilgadyň ýarysy we Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky galadan tä ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasyna çenli aralygy öz içine alýardy.
Выбор основного перевода