Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Sihon öz ýurdunyň içinden geçip gitmäge ysraýyllara rugsat bermedi. Ol bütin goşunyny ýygnap, ysraýyllaryň garşysyna çöle çykdy we Ýahasa gelip, olar bilen söweşe girdi. Ysraýyllar Sihony gylyçdan geçirip, onuň Arnondan Ýaboga çenli, tä Ammonyň serhedine çenli bolan ýerleriniň baryny eýelediler. Ammonyň serhedi bolsa güýçli goralýardy. Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek bu halklaryň galalarynda bolsa ýekeje-de janly-jandar diri galmaly däldir.
Выбор основного перевода