Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma edomlylar şeýle jogap berdiler: «Ýurdumyzyň içinden geçmersiňiz, eger geçjek bolup synanyşaýsaňyz gylyç alyp, garşyňyza çykarys». Edomlylar geçmäge ýol bermänsoňlar, ysraýyllar ol ýerden sowlup geçdiler. Ammonlar hem, mowaplar hem Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniň hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär. Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular. Soňra olar: „Ýurduňyň içinden geçmäge bize rugsat et“ diýen haýyş bilen Edom patyşasyna öz ilçilerini iberdiler, emma Edom patyşasy diňlemedi. Ysraýyllar Mowap patyşasynyň ýanyna hem ilçiler ýolladylar, emma ol hem razy bolmady. Şoňa görä ysraýyllar Kadeşde galdylar.
Выбор основного перевода