Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler. Şu çölde läşiňizi sererin. Ilat sanawynda hasaba alnyp, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolup, Menden nalanlaryň hiç biri Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez. Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler. Emma siziň ýesir düşer öýden perzentleriňizi welin Men ol ýere alyp bararyn. Siziň ýüz öwren ýurduňyzyň nähilidigini olar bilerler. Emma siziň läşleriňiz bu çöllükde serler. Siziň çagalaryňyz hem kyrk ýyllap çölde göçüp-gonup gezerler we siziň biwepadygyňyz üçin jebir çekerler. Bu siziň hemmäňiz ölüp gutarýançaňyz dowam eder. Size ol ýurdy gözden geçirmäge kyrk gün gerek bolan bolsa, kyrk günüň her güni üçin bir ýyl, jemi kyrk ýyllap etmişleriňiz üçin jeza çekersiňiz. Sizden ýüz öwrenimde, Meniň nähili bolýandygymy siz şondan bilersiňiz. Men-Reb şeýle diýmek bilen, bu aýdanlarymy Meniň garşyma birleşen bu azgyn halkyň başyndan indererin. Şu çöllükde bularyň baryny gyryp, ýok ederin». „Müsürden çykan ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hiç biri Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren ýurdumy görmez. Çünki olar Maňa bütin kalplary bilen ynanmadylar. Musa bilen ruhany Harunyň Sinaý çölünde geçiren ilat sanawynda hasaba alanlarynyň ýekejesi-de bu gezekdäkileriň arasynda ýokdy. «Siziň sözleriňizi eşidip, Rebbiň gaty gahary geldi we ant içip: „Meniň siz üçin ata-babalaryňyza söz beren gowy ýurdumy Ýepunne ogly Kalepden başga bu pis nesliň hiç biri görmez. Muny diňe Kalep görer. Men-Rebbe ýürekden wepalydygy üçin Men oňa we onuň nesillerine aýak basan ýurduny berjek“ diýdi.
Выбор основного перевода