Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
On dördünji ýylda Kedorlagomer we onuň bilen birleşen şalar, Aşterotkarnaýymda rapalary, Hamda zuzylary, Şawekirýataýymda eýmimleri we çöl etegindäki Eýlparana çenli uzalyp gidýän Segir daglarynda horylary derbi-dagyn etdiler. Hory tiresinden Segiriň ogullary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser we Dişan. Olar ýurduň ýaşaýjylarydyr we horylaryň urugbaşylarydyr. Bular Segiriň Edom ýurdundaky ogullarydyr. Reb Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri bilen hem şeýle etdi. Olaryň öňünden horylary ýok etdi. Ysawyň nesilleri horylary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar. Hatda olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar.
Выбор основного перевода