Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonda ysraýyllar Rebbe wada berip: «Eger hakykatdan hem bu halky biziň elimize berseň, olaryň galalaryny Saňa aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok ederis» diýdiler. Reb ysraýyl halkynyň sesini eşitdi we kenganlary olaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gyryp, olaryň galalaryny-da bütinleý ýok etdiler. Şondan soň ol ýere Horma diýen at galdy. Ysraýyllar amorlaryň galalarynyň hemmesini basyp aldylar. Olar amorlaryň ähli galalarynda, hatda Heşbonda we onuň ähli obalarynda ornaşdylar. Edil Heşbonyň hany Sihony ýok edişimiz ýaly, biz olary hem bütinleý ýok etdik. Ähli galalardaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik.
Выбор основного перевода