Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Dogry adam ýok, ýok ýeke biri-de; Düşünýän asla ýok, Hudaýy agtarýan-da ýok. Olaryň hemmesi ýoldan çykdy, ählisi deň derejede dereksiz boldy. Ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de. Olaryň bogazy açyk gabyrdyr, olar aldaýandyrlar, agyzlarynda ýylan zäheri bardyr. Agyzlary gargyşdan, ajy sözden doludyr. Aýaklary gan dökmäge howlugýandyr. Ýollarynda harabalyk, jepalar bardyr. Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýär. Olar Hudaýdan asla gorkmaýar». Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.
Выбор основного перевода