Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaryň içinden siz Hudaýyňyz Rebbi agtararsyňyz. Tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen gözleseňiz, siz Ony taparsyňyz. Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň. Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder. Seniň bendäňe-de duýduryş berilýär olar arkaly; olary berjaý etmekde beýik sylag bar. Seni agtarýaryn tutuş ýüregim bilen, meni tabşyryklaryňdan azaşdyrma Sen. Utanç bilen betnamlygy Sen menden aýyr, çünki düzgünleriňi men saklandyryn.
Выбор основного перевода