Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Parzlaryňy berjaý ederim ýaly, hernä üýtgemesedi meniň ýollarym. Ýa Reb, Saňa alkyşlar bolsun! Maňa öwret Sen Öz parzlaryňy. Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar. Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris. Atamyň Maňa ygtyýar berşi ýaly, Men hem ýamanlykdan üstün çykana, Meniň yradamy ahyra çenli berjaý edene milletleriň üstünden ygtyýar bererin. Ol milletleri demir hasasy bilen dolandyrar; olary küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak eder. Men oňa daň ýyldyzyny hem bererin.
Выбор основного перевода