Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi. Biz Seniň öňüňde ata-babalarymyz ýaly gelmişek hem-de mysapyrdyrys. Biziň ýerdäki durmuşymyz edil kölege ýalydyr, umytsyzdyr. «Ýa Reb, meniň dogamy eşit, gulak goý dat-perýadyma; Sen biparh garama gözýaşlaryma, çünki men gelmişek Seniň ýanyňda, ähli atalarym deý men bir keseki. Şonuň üçin-de, bedenimizde ýaşaýan wagtymyzda Rebbiň ýanyndaky mesgenimizden uzakdadygymyzy bilsek-de, arkaýyndyrys. Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar.
Выбор основного перевода