Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Eý, ysraýyl halky, indi meniň size öwredýän parzlaryma we düzgünlerime gulak goýuň. Şonda siz ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize berýän ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz. Siziň we sizden soňky nesilleriňiziň gowy günler görmekleri üçin, bu gün meniň üstüm bilen Onuň size berýän parzlaryny we tabşyryklaryny berjaý ediň. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size ebedilik berýän ýerinde uzak wagtlap ýaşarsyňyz». siz olara şeýle jogap beriň: „Biz Müsürde faraonyň gullarydyk, emma Reb Öz gudratly goly bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi. Reb Müsüre, faraona we onuň tutuş hojalygyna garşy gözümiziň alnynda beýik we gorkunç alamatlardyr mugjyzalar görkezdi. Ol ata-babalarymyza wada eden ýurduny bize bermek üçin Müsürden çykaryp getirdi. Soňra Hudaýymyz Reb biziň Ondan gorkup, bu parzlaryň hemmesini ýerine ýetirmegimizi buýurdy. Şonda bu günki ýaly, janymyz sag bolup, görjegimiz gowulyk bolar. Hudaýymyz Rebbiň bize buýruşy ýaly, Onuň huzurynda bu buýruklaryň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirsek, biz dogry saýylarys“». Goý, günäliler ýer ýüzünden ýok bolsun, erbet adamlar indi asla bolmasyn. Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym. Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Выбор основного перевода