Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin. Seniň nesliň ýer ýüzüniň çägeleri kimin san-sajaksyz bolar. Olar gündogara, günbatara, demirgazyga hem-de günorta ýaýrarlar. Ýer ýüzüniň ähli halklary sen arkaly hem-de nesliň arkaly pata alarlar. Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Men seni terk etmerin we saňa beren wadamy ýerine ýetirerin». Hudaý Ýakuba: «Seniň adyň häzir Ýakup, ýöne mundan beýläk seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şeýdip, Ol onuň adyna Ysraýyl dakdy. Soňra Hudaý ýene: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Örňäň, köpeliň. Senden millet we birtopar milletler dörär, seniň nesilleriňden şalar çykar. Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we seniň nesliňe bererin» diýdi.
Выбор основного перевода