Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy. Liwandan Misrepot Maýyma çenli ähli daglyklar we olaryň ähli ilaty, hatda sidonlylaryň ählisi hem degişlidir. Olary ysraýyllaryň öňünden Meniň Özüm kowup çykararyn. Ýöne sen bu ýerleriň hemmesini Meniň buýruşym ýaly, bije atyp, ysraýyllaryň dokuz tiresine we günbatardaky manaşa tiresine mülk edip paýlap ber». Men size öz zähmetiňizi siňdirmedik ýerleriňizi we öz gurmadyk galalaryňyzy berdim, häzir siz ol ýerlerde ýaşap ýörsüňiz. Siz öz oturtmadyk üzüm we zeýtun baglaryňyzyň miwelerinden iýip ýörsüňiz“. Milletleri olaryň öňünden kowdy, çadyrlarynda Ysraýyl tirelerini ornatdy, mülklerini paýlap, olara miras hökmünde berdi.
Выбор основного перевода