Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbe şükür ediň we Oňa ybadat ediň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň. Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň. Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun. Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň, dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň. Eý, Rebbiň bendesi Ysraýylyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli! Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny. Eý, Rebbiň bendesi Ysraýylyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli! Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny. Ol – Hudaýymyz Reb, Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär. Onuň ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaň. Onuň ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaň. Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin». Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde. Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin». Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde. Şonda olar az sanlydylar, gaty az we şol ýerde gelmişekdiler. Geçýärdiler bir milletden başga millete, bir şalykdan – başga şalyga. Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi. Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň». Seniň şalygyňyň şanly şöwketini, gudratly işleriňi ynsanlara bildirmek üçin, olar Seniň şalygyňyň şöhratyny aýdarlar, Seniň gudratyňdan gürrüň bererler. Şeýle diýersiňiz şol gün: «Rebbe şükür ediň, Onuň adyna öwgüler aýdyň; milletleriň arasynda Onuň işlerini aýan ediň, Adynyň beýikdigini jar ediň.
Выбор основного перевода