Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Müsürde görkezen alamatlaryny, Zogan düzündäki gudratlaryny: olar derýalaryndan içmesin diýip, Ol akarlaryny gana öwürdi. Olary ýalmap-ýuwutsyn diýip, üstlerine siňek sürüsini iberdi. Olary başagaý etsinler diýip, gurbagalar iberdi. Gemriji çekirtgä berdi hasyllaryny, ýumurtgadan çykan çekirtgä – zähmet rähnetlerini. Doly bilen weýran etdi üzümlerini, çabga bilen – injir agaçlaryny. Dola berdi mal-garalaryny, ýyldyrymlara – sürülerini. Olaryň üstlerine iberdi, Öz gaharynyň howruny, gazaby, dergazaby hem-de belany – gyrýan perişdeleriň bir toparyny. Ol ýol berdi Öz gazabyna: ölümden goramady olaň janyny, mergä berdi ömürlerini. Müsürde heläkledi ähli nowbaharlary – Hamyň çadyrlaryndaky ilkinji zürýatlary.
Выбор основного перевода